Türkmen diliniň jemgyýetçilik sözlügi
Tehnologiýa üýtgeşiklikleri bilen aýakdaş ýöremek üçin täze sözleri türkmen diline terjime edilýär
Bu taslama girdeýji elde etmek maksatly taslama däldir. Maksadymyz — tehnologiýada täze sözleri ulanyşa girende olary türkmen dilinde aýdyňlaşdyrmak, we şonuň bilen bir hatarda ösdürmek.
Näme üçin TürkmenDilim?
Türkmen dilini tehnologiýa bilen aýakdaş ösdürmek üçin jemgyýetçilik taslamasy
Nähili işleýär?
Üç ýönekeý ädim bilen türkmen dilini ösdürmäge goşant goşuň
Teklip et
Täze sözleri ýa-da terjimeleri teklip ediň. Her kim täze söz teklip edip bilýär. Ilki öňden sözlük gorunda barlygyny gözden geçiriň.
Ses ber
Teklip edilen sözlere ses beriň. Köpçüligiň iň gowy terjimeleri saýlanýar.
Tassyklan
Moderatorlar teklipleri gözden geçirýär we resmi sözlüge goşýar.
Näme üçin hasap döretmeli?
TürkmenDilim jemgyýetçilik sözlügi bolup, ulanyjylar täze sözleri teklip edip, ses berip we pikir bildirip bilýärler. Hasap döretmek bilen:
- Täze sözleri we terjimeleri teklip edip bilersiňiz
- Teklip edilen sözlere ses berip bilersiňiz
- Sözler barada pikir bildirip bilersiňiz
- Öz teklipleriňizi we sesleriňizi görüp bilersiňiz
Näme üçin maglumatlaryňyzy sorayýarys?
Hasap döretmek üçin e-poçta salgyňyzy we adyňyzy sorayýarys. Bu maglumatlar:
- E-poçta: Hasabyňyzy döretmek, paroly täzelemek we mühim habarnamalary ibermek üçin
- Ad we familiýa: Teklipleriňizde we teswirleriňizde görkezmek üçin
- Profil suraty (Google bilen girişde): Profiliňizde görkezmek üçin (içgin)
Maglumatlaryňyzy nähili gorayarys?
Biz şahsy maglumatlaryňyzy üçünji tarap bilen paýlaşmaýarys. Maglumatlaryňyzy şifreleme teknologiýalary bilen gorayarys. Hasabyňyzy islän wagtyňyzda pozup bilersiňiz.
Giňişleýin maglumat üçin gizlinlik syýasatymyza göz aýlaň.